Mukaddeslige beslenen aý

Şu gün hijri-kamary hasaby boýunça Remezan aýy başlanýar. Remezan aýynda agyz beklemek, haýyr-sahawat işlerini berjaý etmek ýaly asylly däpler mähriban halkymyzyň agzybirlige we bitewülige, abadançylyga, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinde döreden asylly däp-dessurlarynyň, milli gymmatlyklarynyň ruhunda terbiýelenmegi üçin ägirt uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çagalar bu mukaddes aýyň başlanmagynyň bir gün öňýanynda agşamara Ýaremezan aýtgylaryny şowhunly aýdyp, ýagşy arzuw-niýetler edip, täze Aýyň dogandygyny buşlaýarlar.

Ildeşlerimiz bu aýda Beýik Biribardan ata Watanymyzyň abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýarlygyny, ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň baş saglygyny dileg edip aýat-töwürler okaýarlar, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen öňe sürlen ägirt uly özgertmeleri durmuşa geçirmekde halkymyza uly rowaçlyklary arzuw edýärler.

Goý, Remezan aýynda mähriban halkymyzyň edýän doga-dilegleri Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!

Aýşat AGAÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok