Türkmenistanda täze etraplar döredildi

Arkadag şäherinde alnyp barylýan işleri halkara ölçeglere laýyk guramak, şäher gurluşyk işini ýokary derejede alyp barmak, şäheri halkara merkezleriň birine öwürmek, şäher ilatynyň sanyny artdyrmak, ony geljekde depginli ösdürmek, çäklerini giňeltmek, ulag, senagat, söwda, hyzmatlar, ylym-bilim, saglygy goraýyş, gurluşyk ulgamlaryny ösdürmek maksady bilen hem-de şäherde gurulýan taslamalaryň wajyp häsiýetini, halkara derejede geçiriljek çäreleriň ähmiýetini göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 12-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Mejlisi kararyna laýyklykda:

1. Arkadag şäheriniň düzüminde goşunda laýyklykda täze etraplary döretmeli we olara Kärizek we Gorjaw atlaryny dakmaly hem-de mundan beýläk olary degişlilikde Arkadag şäheriniň Kärizek etraby hem-de Arkadag şäheriniň Gorjaw etraby diýip atlandyrmaly.

2. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi Arkadag şäheriniň etraplarynyň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmeli.

3. Türkmenistanyň Mejlisiniň 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky 112-IV belgili karary bilen tassyklanylan Türkmenistanyň dolandyryş-çäk birlikleriniň Sanawyna degişli üýtgetmeleri girizmeli.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok