Stambulda güýçli ýer titremesiniň boljakdygy baradaky duýduryş berildi!!!

7.7 we 7,6 ball derejesindäki Türkiýäniň Kahramanmaraş ýer titremesinden bäş hepde geçdi. Şeýle-de bolsa, «CNN International» bilen söhbetdeş bolan hünärmenler Türkiýäniň iň uly we iň köp ilatly şäheri bolan Stambulda şeýle ýer titremesiniň göz öňüne getirip bolmajak netijelere sebäp boljakdygy baradaky duýduryşy berdiler.

Häzirki wagtda Türkiýäniň  Stambul şäherinde 16 million adam ýaşaýar.

Habarda bellenilmegine görä, ýer titremesinde 90 müň bina ýykylyp, 260 müň binanyň çynlakaý zeper ýeter we ilatyň dörtden biri (4,5 million ilat) öýsüz galar.

Hünärmenler ýer titremesiniň haçan we näwagt boljakdygyny anyk aýdyp bilenoklar.

Çeşme: www.ntv.com.tr

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok