TDEI – «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylaryny, şeýle hem esgerleri we önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 18-nji martynda, 8-nji, 29-njy aprelinde we 13-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününe çagyrýar!

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlara ýokary okuw mekdebinde alnyp barylýan okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik, dynç almak, sport bilen meşgullanmak babatda döredilen şertler, şeýle hem institutda taýýarlanylýan hünärler we taýýarlygyň ugurlary barada giňişleýin maglumatlar berler.

Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty baradaky maglumatlar bilen www.tdei.edu.tm web saýtyndan hem tanşyp bilersiňiz.

Institutyň salgysy: Mary şäheri, Baýram han köçesiniň 62-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 800522-5-75-10, 800522-5-75-02.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok