Bagtyýar ýaşlar nurana geljege barýar

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan biz ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan, täze hünärleri ele alyp, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.

Jemgyýetimiziň öňe gitmeginde, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde öz işine ussat hünärmenler dürli ugurlar boýunça taýýarlanylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň mümkinçilikler döredilýär, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bilim ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üpjün edilýär.

Döredilip berilýän şeýle ajaýyp mümkinçiliklerden ugur alyp, biz hem okuw meýilnamasyna laýyklykda, Aşgabat şäherindäki umumybilim berýän orta mekdeplerde mugallymçylyk tejribeligini geçýäris. Bu bolsa biz ýaşlaryň döwrebap bilimleri özleşdirmeklerine itergi berýän mümkinçilikdir.

Goý, ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny hemme taraplaýyn ösdürip, ýaşlarymyzyň döwrebap bilim almaklary üçin taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun! Alyp barýan işleri hemişe rowaç alsyn!

Güljan AMANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok