Zümerret deý her setiri, her sözi

Magtymguly Pyragynyň keşbi alnymyzda mertligi, batyrlygy, ene topragy, söýgini wasp eden hyjuwly şahyr hökmünde hemişe belentde dur. Bu bolsa akyldar şahyrymyzyň goşgularynda umumadamzat derejeli gymmatlyklary ussatlyk bilen beýan edendigini alamatlandyrýar.

Magtymgulynyň döredijiligini nurlandyryp duran esasy aýratynlyklarynyň biri watançylyk temasyndan döreden şygyrlarydyr. Ol ilini, ýurduny, ene topragynyň ezizligini, mährem-mukaddesligini çeper sözüň güýji, nepisligi bilen ynsan aňyna guýmagy başarýan deňsiz-taýsyz eserleri döredipdir.

Türkmen öz topragy bilen bagry badaşan halkdyr. Uly dünýä gelensoň, göbek ganynyň daman topragynyň ýylysy, mähri, howasy, suwy, güneşi, duzy, ody, daragtlary, daban ýeri… mahlasy, ähli zady emer-damary, süňňüne-süýegine siňip, kalbynda soňlanmajak söýgini kemala getirýär. Şol kemal bilen hem onuň bütin ruhy mukaddes topragyna baglanýar. Magtymgulynyň sözi bilen aýdylanda, mähribanlyk diňe öz ýurduňda, öz iliňde. Bu ýagdaý belent sözli şahyryň doglan ili hakynda gutarnykly netijä gelmegine getiripdir.

Akyldar şahyryň şygryýetiniň mazmun hem çeperçilik babatdaky täzeçilligi türkmen nusgawy edebiýatynyň geljekki ösüş ýoluny kesgitledi. Magtymgulynyň edebiýata getiren täzelikleri şahyryň döwürdeşleri hem-de ondan soňky ýaşap geçen söz ussatlary tarapyndan dowam etdirildi.

Şahyryň şygyrlary dürli dillere terjime edilýär. Onuň döredijiligi türkmenistanly we daşary ýurtly edebiýatçy alymlar tarapyndan içgin öwrenilýär. Medeniýetde we sungatda akyldar şahyryň çeper keşbi döredilýär. Garagalpak şahyry Berdimyrat Berdak aýtmyşlaýyn, Magtymguly Pyragynyň her sözüni togap etmeli. Şahyr çeper edebiýatda öz döwrüniň gahrymanyny orta çykarypdyr. Şol gahrymanyň kalbyny açyp, onuň ýürek owazyny tutuş iline diňledipdir.

Ogulgül AMANMYRADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok