Daglara ýeke çykmak gadagan edildi!

Mundan 5 ýyl öň, Nepal döwletinde dünýädäki iň uly dag bolan Gimalaýyň iň beýik depesi Ewereste ýeke çykmak gadagan edilipdi. Golaýda täze çykan karara görä, ýurtdaky ähli daglara ýeke çykmak gadagan edildi.

Berlen maglumata görä, ýurtda döwlet tarapyndan ýa-da topar hökmünde ygtyýarlandyrylan gollanma bilen daglara çykmak mümkin.

Nepalyň Syýahatçylyk Geňeşi «Bu karar daga ýeke çykyp haýsydyr bir betbagtçylyga duçar bolmagy mümkin adamlar üçin edildi. Adamlar daga ýeke çyksalar adatdan daşary ýagdaýlarda olara kömek edip biljek adam ýok» – diýip beýannama berdi.

Şeýle hem Nepalyň Syýahatçylyk Geňeşi bu kararyň güýje girmegi üçin birnäçe assosiasiýalaryň, telekeçilik kärhanalarynyň we döwlet edaralarynyň haýyşnama bilen ýüz tutandyklaryny mälim etdi.

Nepalda 2018-nji ýylda betbagtçylyklaryň sanyny azaltmak üçin dünýä Ewereste ýeke çykmak gadagançylygy girizildi. Bu taslamany daşky gurşawa degişli birnäçe dünýä sammitleri hem goldady.

Belläp geçsek, dünýädäki iň uly dag bolan Gimalaýyň iň beýik depesi Ewerest 8,848 metr belentlikde ýerleşýär.

Bägül HAJYGURBANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok