Bagym bar, barym bar

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ýaşyl zolaklary döretmek we öňki bar bolan bag nahallaryna ideg etmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz 10-njy martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde 18-nji martda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bilen bagly degişli resminama gol çekmegi buýsanç duýgusyny döretdi.

Halkymyzda «Bagym bar, barym bar» diýen ajaýyp aýtgy bar. Nakyla öwrülen bu jümlede bagyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynda eýeleýän ornuny aýdyň ýüze çykarýar. Bag ekmek ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgedir. Şoňa görä-de, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asylly ýörelgelere berk eýerilmegi, eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek ugrunda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi juda begendirýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işleriň biride, mähriban Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegidir. Munuň özi biziň ýaşaýşymyzy gurşap alýan tebigaty, ekologiýany gorap saklamak, geljekki nesillere ýetirmek bilen bagly bütindünýä işine mynasyp goşantdyr.

Watanymyzy bagy-bossanlyga büremek boýunça asylly işlere biz talyp ýaşlar hem ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşyp, asylly işe goşandymyzy goşarys.

Oguljan ABDRAHMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok