Ykbaly göterilen Watançy şahyr

Türkmen edebiýaty barada gürrüň gozgalanda, her bir türkmen adamsynyň göz öňünde Magtymguly Pyragy janlanýar. Bu beýik ynsanyň ölmez-ýitmez edebi mirasy haýsy döwri öz içine alanda-da, gymmatly hazyna bolmagynda galýar. Şu döwre çenli ýazyjy-şahyrlarymyz, edebiýatçy alymlarymyz tarapyndan onlarça hatda ýüzlerçe oý-pikirler öňe sürlen hem bolsa, şahyryň döredijiligi doly derejede öwrenilmedik mesele bolup galýar.

Şahyryň şygryýet dünýäsine aralaşanyňda kalbyňda täsin duýgular peýda bolýar. Sowallar köpelýär. Sowallaryň jogaplaryny şahyryň kitabyny agtaryp tapmaga synanyşýarsyň. Magtymgulynyň döredijilik lirikasy umman mysaly gözýetmezdir, çuňdur we giňdir. Her bir setiri many-mazmuna baý şygyrlaryny okanyňda kalbyňa rahatlyk aralaşýar. Seriňde oý-pikirler aýlanyp başlaýar. Ine, hakyky poeziýa diýeniňi duýman galýarsyň. Çuňňur mana ýugrulan her bir setiri, atalar sözüni ýadyňa salýan jümleleri aklyňy haýran edýär. Çuň mana eýlenen setirleri şygryň kämilligini has-da artdyrýar.

Magtymguly Pyragy Watanyny janyndan eý görüpdir, söýüpdir, ezizläpdir. Gözleriniň garasyna deňäpdir. Şahyr öz ilini uçursyz söýşi, apalaýşy, baýdak edişi ýaly-da, onuň uly geljegine umytly garaşypdyr, wepaly gorapdyr, ygrarly bolupdyr. Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky öňe süren pikirleriniň aňyrsynda bütin türkmen iliniň isleg-arzuwlary ýatandyr.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halky üçin bagtyýarlyk döwrüniň hökman geljegine şahyr doly ynanýardy. Kalbynyň emri bilen şol uzak garaşylan bagtyýarlyga, erkinlige, garaşsyzlyga we gülläp ösüşe barýan ýoly ýagtyldýardy. Magtymgulynyň goşgularynda şahyryň hem-de Watanyň ykballaryny biri-birinden aýryp bolmaýar. Bu bolsa türkmen halky üçin geljege barýan şol ýolda ýalkym saçyp duran şamçyragdyr» diýip belleýär. Hakykatdanam, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda türkmen halky Magtymguly Pyragynyň arzuw eden ähli isleglerine eýe boldy.

Magtymgulynyň şygyrlaryndaky söýgi, duýgy, umyt, umuman, oý-pikirler hiç mahalda köneljek zat däl. Sebäbi olar halkyň durmuşyny, aýratyn-da, adamyň ömrüni dyngysyz derňäp hem seljeren şahyryň sap ýüreginden gaýnap çykan sözlerdir. Çünki, Magtymguly Pyragy köňülleriň şahyrydyr.

Leýli AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok