Mukamlar köşgünde dabaraly maslahat geçirildi

10-njy martda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň hem-de Medeniýet ministrliginiň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabara ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlary, bagtyýar talyplar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylar köşgüň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Dabaraly maslahat Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy bilen açyldy. Ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Döwlet Amanlykow ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirdi.

Maslahatda ýaşlar, şahyrlar, döredijilik işgärleri çykyş etdiler. Maslahatyň dowamynda ýaş zehinli aýdymçylar aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok