Italýan arhitektory ýurdumyzda myhmançylykda

Ýatladyp geçsek, 2019-njy ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen Milanyň Politehniki uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşyldy. Şol Ähtnamanyň çäginde ýokary okuw mekdepleriň arasynda netijeli işler alnyp barylýar.

Şu günler Italýan dizaýny hepdeliginiň çäklerinde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň esasynda Italiýa Respublikasynyň dünýä belli «Foskarini» kompaniýasynyň utgaşdyryjysy, Italýan arhitektory Matteo Rubinati ýurdumyzda iş saparynda bolýar.

Italýan arhitektory Matteo Rubinati ýokary okuw jaýymyz bolan Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda geçirilýän hepdeligiň dowamynda institutyň binagärlik, şähergurluşyk we ilatly ýerleri meýilleşdirmek hem-de binagärlik gurşawynyň dizaýny hünärleri boýunça bilim alýan talyplaryň arasynda «Yşyklandyrýan hil, dizaýnyň adama we daşky gurşawa edýän täsiri» temadan okuw sapagyny geçirdi. Bu okuw sapagy talyp ýaşlaryň italýan binagärliginiň hem-de dizaýnynyň aýratynlyklary baradaky bilimlerini has-da artdyrdy. Okuw sapagynyň dowamynda talyplar sorag-jogap alyşdylar.

Bu okuw sapagy hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýyla çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerini dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň sanawyna goşmak baradaky tabşyryklarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, hepdeligiň çäginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň işleriniň sergisi hem guraldy.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok