Gözde nurum, kalpda sazym – Pyragy!

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köpöwüşginli. Käbir setirler, jümleler täsinligi bilen has özüne çekiji. Magtymguly biziň gündelik durmuşymyzyň müdimilik hemrasy. Gyssanan ýerimizde pikirlerimiziň tutarygy. Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşlarynda pikirlerini Magtymguly akyldaryň goşgy setirleri bilen berkidýändiginiň özi hem bu iki şahsyýetiň ruhy ýakynlygynyň nyşanydyr.

Türkmen halkynyň we dünýäniň ençeme halklarynyň ruhy dünýäsinde uly orun alan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi döwürleriň paýhasy hökmünde häsiýetlendirilýär. Akyldar şahyr şygyrlarynyň üsti bilen Watana bolan söýgüsini, däp-dessurlarymyzy, görüm-göreldäni, ahlaklylygy, agzybirligi çeper wagyz edýär. Döwrüň ýaşlaryna edep-terbiýe bermekde söz ussadynyň dürdäne setirleri ýol-ýörelge bolup durýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragy halkyň şahyry hökmünde dünýä edebiýatynda orun aldy. Şahyryň döredijiligi häzirki wagtda giňden öwrenilýär. Gün-günden gülläp ösýän ýurdumyzda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň şygyrlary kalplara nur saçýar.

Gahryman Arkadagymyz: «Türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy indi 300 ýyla golaý wagt bäri öz ady hem-de gaýtalanmajak çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýär» diýip, buýsanç bilen belleýär.

Taryhda öçmejek yz goýan, özüniň nusgalyk eserleri bilen tutuş Gündogar halklarynyň söýgüsini gazanan akyldar şahyryň medeni-seýilgäh toplumynyň häzirki zaman görkezijilerine kybap gelmegi-de aýratyn ähmiýetlidir.

Bu günki gün türkmeniň milli mirasyny arşa ýetiren, bize geçmişimizi öwrenip, geljegimize ynamly gadam basmaga höwes döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary rowaç alsyn!

Jennet SAPARGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
insitutynyň magistri.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok