Düýpsüz umman – Pyragy

Mälim bolşy ýaly, TÜRKSOÝ-yňgeçirilen mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary biragyzdan goldanyldy. Bu çözgütler, elbetde, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde kabul edildi. Has dogrusy, onuň gözbaşy Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly gol çeken taryhy Kararyndan başlanýar. Şundan soň ýurdumyzda 2024-nji ýylda nusgawy şahyryň ýubileý dabaralaryny baýram etmäge ýokary depginde taýýarlyk işlerine girişildi we bu babatda ýörite Guramaçylyk komiteti döredildi.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi baradaky söhbet eýýäm ýüz ýyllardyr dowam edip gelýär, özem şunda şahyryň çuň many-mazmunly, köptaraply döredijilik mirasyna akyl ýetirmek, many-mazmunyny tirmek ugrundaky ylmy gözlegler, pikir-garaýyşlar barha kämillige dalaş edýär.

Daşary ýurtly alymlaryň köp sanlysy bu işe ünsi artdyrýar. Bu gün Magtymgulyny öwrenijiler dünýäniň ähli yklymynda diýen ýaly bar. Olary ylmy jemgyýetçilige tanyşdyrmakda, pikirlerini ýaýmagy üçin şert döretmekde her ýyl geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryň hyzmaty örän uly. Kimler şahyryň döredijilik mirasynyň watançylyk, ýurt-toprak, agzybirlik, bitewülik, kimler sosial-durmuş, ahlak ýörelgeleri, kimler yşky-söýgi… jähedini öwrense, olaryň ählisi-de bir zatda: türkmen şahyrynyň ussatlygynyň öňünde baş egýärler. Bu gün alymlaryň Magtymgulynyň döredijiliginden öz halkynyň beýik akyldarlarynyň dünýägaraýyşlarynda gabat gelýän pikirleri yzlaýanlary hem seýrek däl.

Wagt geçýär, emma Magtymgulynyň döredijiligi bize akyl ýetirişdäki täze taraplary, täze gözýetimleri açyp berýär. Biz durmuşyň, adamzat siwilizasiýasynyň ösüşi bilen baglylykda, şahyryň paýhasynyň döwür bilen baglanyşygyny barha ýiti aňýarys. Onuň pikirleri deňiz kenarynda gizlenip galan, üstüni wagt çägesi açan dür-göwher kimin ýalpyldap, dünýä görünýär.

Maýa GELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
insitutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok