Bagtyýar durmuşyň bagt mukamy

Düýn Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» eseri — bagtyýar durmuşyň bagt mukamy» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guran maslahatynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşanlar Mukamlar köşgüniň eýwanynda guralan sergini synladylar.

Maslahatyň gün tertibi boýunça çykyş edenleriň ählisiniň ýaşlardygyny bellemek gerek. Çykyş eden öňdebaryjy ýaşlar — ýaş şahyrlar, döredijilik işgärleri Gahryman Arkadagymyzyň her bir ata-enäniň ýürek duýgusyny özünde jemleýän täze eseriniň ýurdumyzyň ýaşlaryny belent maksatlara ruhlandyrýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Täze eser bagtyýarlyga beslenip ýaşaýan halkymyz, aýratyn-da, bagtyýar ýaşlar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Bellenilişi ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Milli Liderimiziň ylhamyndan joşup çykan «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymy durmuş ýolunyň özboluşly senasydyr. Şoňa görä-de, aýdyma öwrülen bu ajaýyp setirler ýaşlaryň bagt toýlarynda belentden ýaňlanmaga mynasypdyr.

Bu dabaraly maslahat türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ýaşlara gutlag» atly täze aýdymyna buýsanjyň çuňňur beýany boldy. Oňa gatnaşyjylar häzirki döwürde ýaşlar, olaryň sazlaşykly ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, ýaşlara geljegi gurujylar hökmünde ýokary baha berýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

Aýgül NAZGYLYJOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok