TOHU-da «Açyk gapylar» güni geçirilýär!

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti 2023 — 2024-nji okuw ýylynda ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän ýaşlary 2023-nji ýylyň 18-nji martynda, 22-nji aprelinde we 13-nji maýynda «AÇYK GAPYLAR» gününe çagyrýar!

«Açyk gapylar» günlerinde ýaşlar ýokary okuw mekdebi bilen tanyşdyrylar, olara uniwersitete girmek üçin talap edilýän resminamalar, okuw mekdebinde okadylýan hünärler, alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik hem-de medeni-köpçülik işleri barada giňişleýin maglumatlar berler. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti barada maglumatlary www.tohu.edu.tm web saýtyndan hem görüp bilersiňiz.

«Açyk gapylar» günleri görkezilen salgylarda sagat 10:00-da başlanýar:

Aşgabat şäheriniň, Ahal we Balkan welaýatlarynyň ýaşlary üçin S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde. Salgysy: Aşgabat ş., 2009 (Görogly) köçesiniň 143-nji jaýy. Telefonlary: 34-07-77; 34-25-64; 34-27-09.

Daşoguz welaýatynyň ýaşlary üçin Daşoguz şäherindäki Türkmen oba hojalyk institutynda. Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy. Telefonlary: 800322-9-33-92; 800322-9-40-68.

Lebap welaýatynyň ýaşlary üçin Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesiniň 1-nji «A» jaýy. Telefonlary: 800422-9-89-56; 800422-9-87-71; 800422-9-88-12.

Mary welaýatynyň ýaşlary üçin Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde. Salgysy: Baýramaly ş., Talyplar köçesiniň 1-nji jaýy. Telefonlary: 800564-6-00-83; 800564-6-07-84; 800522-6-30-82.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok