Hytaýyň Terrakota goşuny

«Terrakota goşuny» ady bilen belli bolan hytaý imperatory Sin Şi Huan-diniň ýadygärlikler toplumydyr. Terrakota — gyzylymtyk-goňur reňkli bişirilen toýun bolup, bu gadymy künjekde toýundan ýasalan heýkelleriň örän köpsanlysy tapylýar.

1974-nji ýylyň mart aýynda Sian şäheriniň golaýynda, Lişan dagynyň gündogar böleginiň ýakynlarynda ýerli burawlaýjylar gadymy gubruň üstüni açýarlar. Imperator Sin Şi Huan-dine degişli bolan gubur gündogar tarapa 1,5 kilometre uzap gidýän, daşky diwarlarynyň perimetri 6 kilometre deň bolan giňişlikde ýerleşipdir. Bu ýerde 1978 — 1984-nji ýyllarda birinji, 1985 — 1986-njy ýyllarda ikinji, 2009-njy ýylda bolsa üçünji arheologiki gazuw-agtaryş işleri geçirilýär. Netijede, arheologlar tarapyndan ýadygärlikler toplumynda bişen toýundan ýasalan esger heýkelleriniň 8000-den gowragy, atlaryň heýkelleriniň 100-si, söweş arabalarynyň şekilleriniň 18-si tapylýar. Atlaryň heýkelleriniň her biriniň agramy 200 kilograma, esger heýkelleriniňki bolsa 135 kilograma ýetip, olar ýasalan wagtlarynda toýun ilki bişirilip, soňra dürli reňkler bilen boýalypdyr. Ýöne ol boýaglaryň reňki wagtyň geçmegi bilen bütinleý öçüpdir. Şeýle hem, her bir adam heýkeliniň ýüzüniň beýlekilerden tapawutlanýandygy alymlary haýran galdyrypdyr. Olaryň daşky keşbini synlanyňda, esgerleriň egin-eşiginiň dürli harby derejelere görä ýasalandygyna göz ýetirmek bolýar.

Taryhy maglumatlara salgylansak, asyl ady In Çžen bolan Şi Huan-di Sin nesil şalygynyň iň güýçli imperatory, şol döwürlerde dagynyk bolan Hytaýy birleşdirip, imperiýa derejesinde güýçlendirip bilen ýeke-täk hökümdar bolupdyr. Belli hytaý taryhçysy Syma Sýan onuň biziň eýýamymyzdan öňki 246-njy ýylda tagta geçendigini ýazýar. Imperatoryň dolandyran ýyllarynda şol wagtlar bölekleýin gurlan Beýik Hytaý diwary birleşdirilip, imperiýanyň kuwwaty ýokary derejelere ýetýär. Sin Şi Huan-di özüniň toýundan ýasalan esger şekilleri ýerleşdirilen ýadygärligini gurdurmaga hökümdarlygynyň ilkinji ýyllarynda girişýär. Taryhy ýazgylara görä, gurluşyk işlerine 700 müňden gowrak işçi gatnaşypdyr. Beýikligi adam boýuna barabar bolan heýkelleriň müňlerçesini ýasamak işi 38 ýyl dowam edipdir. Biziň eýýamymyzdan öňki 210-njy ýylda aradan çykan imperator öz gurduran ýadygärliginde jaýlanýar. Şonda bu toplumyň üsti tutuşlygyna ýapylyp, ençeme asyrlap unudylýar.

Resmi taýdan 1987-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Terrakota goşuny» ýadygärlik toplumy taryhyň gaýtalanmajak sungat eseri hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu künjek syýahatçylaryň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.

Aýlar MUHAMMEDOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok