Halkara Zenanlar güni dünýä ýurtlarynda

Berkarar Watanymyzda uly şatlyk-şowhuna, bahar bägüllerine, ýaz ýaly ýagşy umyt-arzuwlara beslenen Halkara zenanlar güni uludan bellenilýär. Çünki dünýämiziň diregi bolan zenanlara halkymyzda uly sarpa goýulýar. Gözelligiň we söýginiň baýramy bolan Halkara zenanlar güni dünýäniň dürli künjeklerinde dürlüçe bellenilip geçilýär. 1975-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň karary bilen bu baýramçylyk «Halkara zenanlar güni»  adyna eýe bolýar. Zenanlar gününiň häzirki zaman baýramçylygy diňe bir deňligi dabaralandyrmak maksady bilen däl-de, eýsem ýagdaýyna we ýaşyna garamazdan baharyň, zenan gözelliginiň, näzikliginiň güni hasaplanýar.

Halkara zenanlar güni Ýewropa ýurtlarynda hem giňden bellenilýär. Şol gün däp bolşy ýaly, erkek adamlar zenanlara sary mimoza gülünden boglan çemeni sowgat berýärler we olar özleri üçin aýratyn ýeňillikli bahadan hyzmat edýän garbanyşhanalarda naharlanýarlar hem-de aýdym-saz diňläp şatlanýarlar. Bazarlarda şol gün uly isleg bildirilýän ýaz güllerinden dolýar. Fransiýada bu baýram zenanlaryň öz hukuklary üçin göreşiniň nyşany hökmünde kabul edilýär. Şeýle-de bu ýurtda eneler güni has hem meşhurdyr. Polşada bu günde ilat öz ýakynlaryny baýramçylyk bilen gutlaýarlar we köplenç çigildem güllerini sowgat bermek däbi ýörgünlidir. Russiýada bu sene 1913-nji ýyldan bäri bellenilip başlandy.

Kubada 8-nji mart aýratyn many bilen doldurylýar, özboluşly däp-dessurlara hormat goýýarlar we 8-nji marty uly joşgun bilen bellemek arkaly ýakynlaryny dürli sowgatlyklar bilen begendirýärler.

Ugandada bolsa Halkara zenanlar güni halklaryň köp asyrlyk däpleri bilen baglanyşykly. Ýerli ýaşaýjylar, aýal-gyzlar bu gün köp şaý-sepler dakynýarlar, tans edýärler we kynçylyklaryny ýatdan çykarmaga mümkinçilik alýarlar, dürli konsertler we festiwal geçirilýär.

Bu baýramçylyk Ýaponiýada «Gyzlaryň baýramy» ady bilen bellenilýär. Hindistanda bu baýramçylyk oktýabr aýynyň başynda  bellenilip, 10 gün dowam edýär. Serbiýada hem «eneler güni» ady bilen geçirilýän baýram täze ýylyň öňüsyrasynda bellenilýär. Hytaý adatlary esasynda şol gün zenanlar dynç alýarlar. Ähli işleri bolsa öýüň erkekleri ýerine ýetirýär we agşamlyk nahary taýynlaýarlar.

Litwalylar üçin 8-nji mart baýramy bahar paslynyň buşlukçysydyr. Olar bu baýramçylygy söýginiň hem-de zenanlaryň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Litwanyň birnäçe şäherinde Halkara zenanlar güni mynasybetli uly festiwallar we şowhunly konsertler geçirilýär. Şol gün hemmeler baýramçylyk ruhy bilen ýaşap, ondan ruhy lezzet alýarlar.

Mähri GURBANDURDYÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok