Adyny taryha ýazdyran zenanlar

Halkara zenanlar güni – Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen we 1800-nji ýyllardan bäri her ýyl bellenilýän Halkara baýramlaryň biridir. Bu makalada, 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli, ömrüniň dowamynda kynçylyklar bilen göreşip, taryhda yz galdyran we üstünlikleri bilen bütin dünýädäki aýal-gyzlara görelde we nusga bolan zenanlar barada aýdyp geçmegi makul bildik!

Indıra Gandhi – Hindistanda ilkinji aýal premýer-ministr hökmünde tanalýan, işe başlanda, ýurdunyň başdan geçirýän kyn proseslerine garşy göreşmegi başardy we Hindistanyň bölünmeginiň öňüni aldy. Indira Gandi uzak wagtlap premýer-ministr bolup işledi.

Kleopatra – Taryhdaky iň möhüm zenanlaryň biri bolan Kleopatra öz döwründe aýal-gyzlara gowy görelde bolup tanalmagy başardy. Häzirki wagtda grek topraklary diýlip atlandyrylýan sebitde doglan Kelopatra 18 ýaşynda Müsüriň şa zenany hökmünde häkimiýete geldi. Rim imperatory Sezar bilen bütin dünýäni dolandyrmagy arzuw eden Müsür şa zenany 9 dilde gürlemegi başarypdyr.

Frida Kahlo – 1907-nji ýylda Meksikada doglan Frida Kahlo 47 ýyllyk gysga ömründe dünýä taryhynda ýatdan çykmajak yz galdyrdy we biz henizem ony diňe bir surat sungatynda öňdebaryjy şahsyýet hökmünde däl, eýsem dünýäniň zenanlarynyň hukuklaryny goran zenan hökmünde kesgitleýäris. Onuň «Uçmak üçin ganatlarym barka, näme üçin ýöremeli?» – diýen meşhur sözi häzir hem dilden düşenok.

Coco Chanel – Fransuz moda dizaýneri we «Chanekl» brendini esaslandyryjy Coco Chanelmoda düýbünden täzeçe garaýyş getiren möhüm zenanlaryň biridir. Ajaýyp başgaplary, sütükli geýimleri bilen dünýädäki aýal-gyzlary ruhlandyran Chanel, hiç hili boýun egmezden, aýgytly ädimleri bilen özüni tanatmagy başardy.

Marıa Curıe – Ylym baradaky köp sanly möhüm gözlegleri bilen dünýäniň zenanlaryny ruhlandyran Mariýa Kýuri himiýa we fizika boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolan ilkinji zenan alym hökmünde ykrar edildi. Uran baradaky işi bilen täze açyş eden Kýuri, radioaktiw ylmynyň düýbüni tutujydyr.

Aýnur AZADOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Akmuhammet

Maria Curie däl-de Marie Curie diýlip ýazylýar