Gurbanguly Berdimuhamedow täze sport awtoulaglarynda drift ýerine ýetirildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň Sport-ulag merkezine gelip, bu ýere täze gelip gowşan häzirkizaman sport ulaglarynyň özboluşly aýratynlyklary olaryň sport ulaglaryna mahsus derejeli enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow sport maksatly ýöriteleşdirilen bu ulaglaryň tehniki häsiýetlerinden, aýratyn-da, tizligi artdyrmagyň mümkinçiliklerinden we onda sürüji üçin döredilen şertlerden peýdalanyp, awtoulag sportuna ýöriteleşdirlen meýdançanda birnäçe aýlawlary ýerine ýetirdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, 2023-nji ýylyň 6-13-nji iýuly aralygynda «Ýüpek ýoly-2023» atly Kazan-Moskwa ugry boýunça halkara awtorallisi geçiriler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok