Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň baý medeni mirasyny giňişleýin we çuňňur öwrenmek, gorap saklamak we wagyz edilmegi ugrunda döwlet derejesinde möhüm wezipeler ýola goýulýar. Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde bu ugurda saldamly işlere uly badalga berildi. Türkmen halkynyň şan-şöhratly taryhyny ylmy taýdan çuňňur öwrenmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň medeni mirasynyň gymmatlyklarynyň örän uly ähmiýete eýedigini Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaý galalarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulmagy hem doly derejede tassyklaýar. Köneürgenjiň ýadygärliklerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy ýerine düşen asylly çözgütdir.
Mälim bolşy ýaly, Köneürgenç geçmişde Demirgazyk Horezmiň gadymy paýtagty bolup, biziň eýýamymyzyň I asyrynda dörän, orta asyrlaryň iri medeni we söwda merkezidir. Bu ýerdäki Törebeg Hanymyň, Soltan Tekeşiň, Il Arslanyň mawzoleýleri, Gutlug Temiriň minarasy we beýleki saklanyp galan ýadygärlikler görenleri haýrana galdyrýar. Bu ýer öz döwrüniň iň bir naýbaşy ymaratlary, arhitektura ýadygärlikleri, beýikligi 60 metre barabar gadymy minarasy bilen meşhur keramatly toprakdyr. Köneürgenjiň beýik şahsyýetleri halkyň hakydasyndan öçmän, olaryň ýadygärlikleri bolsa bu keramatly ýerde dürli döwürlerde bina edilen aramgähleriň gaýtalanmajak arhitektura keşbinde sungat eseri hökmünde saklanyp galypdyr. Köneürgenjiň ýadygärlikleriniň bezeg we gurluşyk sungaty özüniň ajaýyplygy, binagärçilik babatdaky täsin aýratynlyklary bilen dünýä syýahatçylaryny, taryhçy alymlaryny, ençeme bilermenleri özüne çekýär. Köneürgenjiň binagärlik-çeperçilik mekdebiniň ussalary tarapyndan miras galdyrylan ýadygärlikleriň ikisinde çeper mozaika sungatynyň ajaýyp nusgalary bilen has ýakyndan tanşyp bolýar.
Mekan AŞYROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler