Täsinlikleri bilen owadan ýaz geldi!

Bahar – täzeden döremegiň we güllemegiň, täze açyşlaryň hem owadan ýaşaýşyň döwri. Tebigat baharyň gelmegi bilen has-da gözelleşdi. Ynha-da, owadan dünýämize täsinlikleri bilen owadan ýaz geldi…

Ýazda we tomusda çagalar 3 esse çalt ulalýarlar. Bu hakykat Angliýanyň alymlary tarapyndan esaslandyryldy. Gözlegleriň netijesi çagalaryň mart-awgust aýlary aralygynda sentýabr-dekabr aýlaryndakydan üç esse çalt ösýändigini görkezdi.

Ýazdan gülleýän ilkinji agaç sakuradyr. Sakuranyň watany Ýaponiýadyr. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda onuň ajaýyp güllerini dünýäniň dürli künjeklerinde görmek bolýar. Bu ajaýyp agajyň gülgüne gülleri şäheriň köçelerini örän owadanlaşdyrýar. Köçeler we seýilgähler göýä, gülgüne bulutlarda ýüzýän ýaly!

21-nji mart – deňlik güni. Hut şu gün günüň özi astronomiki baharyň gelmegi hasaplanýar. 20-nji martda polýuslardan başga gije-gündiz Ýer ýüzünde şol bir döwri dowam etdirýär.

Tornadolaryň köpüsi ýaz aýlarynda ýüze çykýar. Ýazda tornadolar Ýeri 5 esse ýygy-ýygydan sarsdyrýar. Olaryň köpüsiniň gündiz ýüze çykýandygy bellärliklidir. Alymlar muny gyşdan tomus aýyna çenli planetanyň biologiki sagadynyň üýtgedilmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Ýazda ösümlikler biologiki sagada görä oýanýarlar. Mart aýynda kesilen agaç şahasy we ýagty ýerde, suwda duran baldajyklar gögerýär. Sebäbi agaçlaryň oýanma wagtyny kesgitlemäge kömek edýän ýörite mehanizmi bar.

Arylar ýylyň beýleki döwürlerine garanyňda ýazda az agressiw bolýar. Bal arylary ýazda köpelip başlaýar. Bu döwürde mör-möjekleriň has asuda we dostluklydygy bellärliklidir.

Ýazda adamlar güýzden 3 esse köp dem alýarlar. Galan wagtlar bilen deňeşdirilende, ýazda adamyň dem alşynyň ýygylygy 3 esse ýokarlanýar. Alymlar muny bedeniň uzak gyş aýlarynda kislorod açlygy ýagdaýynda bolandygyny we ýazyň gelmegi bilen  dikelmäge çalyşýandyklary bilen düşündirýärler.

Baharyň öz hereket tizligi bar. Alymlar baharyň çalt hereket edýändigini hasaplamak üçin tejribe geçirdiler we onuň hereket tizliginiň her gün 50 km deňdigini anykladylar. Muny aýratyn ösümlikleriň gülläp ösüşine syn etmek arkaly kesgitlemegi başardylar.

Käbir ýurtlarda bahar sentýabr aýynda gelýär. Dünýäniň hemme ýerinde bahar mart aýynda düşmeýär. Mysal üçin, Awstraliýada, Argentinada we Madagaskarda ýaz sentýabr aýynda bolýar.

Ženewada bahar kaştan agajynyň güllemegi bilen kesgitlenýär. Ženewada bahar resmi taýdan diňe kaştan agajynyň «islän mahaly gelýär». Haçanda onuň ilkinji ýapragy güllese, ýurtda baharyň gelendigi yglan edilýär. Emma kämahal bu däp bozulýar. Mysal üçin, 2002-nji ýylda kaştanyň ilkinji ýapragy 29-njy dekabrda gülledi, 2006-njy ýylda bolsa ol iki gezek, ýagny ilki mart aýynda, soň oktýabr aýynda gülledi.

Ösümlik kökleri ilkinji bolup ýylylygyny duýýar. Ösümlik kökleri baharda howanyň gyzmagyna ilkinji bolup jogap berýär. Olar eýýäm 7-8 gradus temperaturada işjeň ösüp başlaýarlar.

Hindistanda her ýyl baharyň gelmegi mynasybetli «Holi» baýramçylygy bellenilýär. Bu baýram belki-de, dünýädäki iň ýagty, iň reňkli bahar baýramydyr, sebäbi bu baýramda daş-töwerek älemgoşar öwüşginli reňkler bilen şöhle saçýar. Baýramçylyk şowhunly we gaty gyzykly bolýar.

Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 5-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok