Aşgabat demir ýolunyň taryhyndan

Aramyzda Aşgabadyň demir ýol menziline gelip görmedik ýok bolsa gerek. Bu gün okyjylarymyza Aşgabadyň demir ýolunyň taryhy barada biraz maglumat bermegi makul bildik!

Aşgabada demir ýoluň çekilişi, onuň öz döwründäki taryhy ähmiýeti hakynda gürrüň etmek gyzykly bolsa gerek. Şeýle maglumatlar bilen S.Agajanowyň «Gadymy Aşgabat», A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy», A.Gubaýewiň «Parfiýa türkmen döwleti», S.Atanyýazowyň «Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi», A.Ýazberdiýewiň «Aşgabat» sözüniň taryhy barada» atly we beýleki işlerde giňden tanyşmak bolýar. Ady agzalan ylmy çeşmelerde nygtalyşy ýaly, günbatardan çekilip başlanan demir ýol Aşgabada 1885-nji ýylyň 30-njy noýabr güni gelipdir.

1886-njy ýylda bolsa demir ýol Mara, soňra Çärjewe baryp ýetýär. On dokuz ýyllap çekilen yzygiderli zähmetiň netijesinde 1905-nji ýylda demir ýol Daşkendiň üstünden geçip, Merkezi Russiýa çykmaga mümkinçilik berýär. Demir ýol bekediniň ýaýbaňlanmagy netijesinde Russiýadan, Hywadan we Buharadan gelýän harytlaryň sany artyp, adamlaryň hal-ýagdaýyna oňaýly täsir edip ugrapdyr.

Demir ýoluň gelmegi bilen Aşgabada çet ýurtlardan gelýän syýahatçylardyr jahankeşdeleriň sany artyp başlaýar. A.Hajyýewiň «Aşgabadyň arhitekturasy» atly kitabynda belleýşi ýaly, rus ýazyjysy N.N.Karamzin 1888-nji ýylda şeýle ýazypdyr: «Täze ýol taryhyň özi tarapyndan iki dünýäniň — Ýewropa medeniýeti bilen gadymy Gündogaryň esasy medeniýetiniň ýakynlaşmaklary we ruhy taýdan täzelenmekleri üçin niýetlenen ýoluň iň bir esasy, iň bir kyn ülüşleriniň biridir». Ýeri gelende, Aşgabat demir ýolunyň gurluşygy hakynda fransuz ýazyjysy Žýul Werniň roman ýazandygyny-da belläp geçmek gerek.

Aşgabat demir ýolunyň ýaýbaňlanyp ugramagy netijesinde, azyk haryt bolçulygy, egin-eşik we durmuş hajaty üçin zerur bolan dürli harytlar artyp ugraýar. Öň uzak-uzak ýollary söküp kerwenlerde hatar gurap gelýän täjirler indi demir ýol arkaly öz harytlaryny Aşgabatdaky teke bazarynda satmaga mümkinçilik gazanýarlar. Türkmen täjirleri hem dürli harytlaryny Daşkendiň üsti bilen Russiýa çykaryp ugraýarlar. Munuň özi söwda gatnaşyklary bilen bir hatarda, medeniýetleriň ýakynlaşmagyna hem uly ýardam edýär. XIX asyryň ahyrynda Türkmenistana syýahat eden fransuz ofiseri Edgard Bulanže Aşgabat demir ýolunda hereket edýän demir ýol ulaglaryň artykmaçlygy hakynda söz açyp: «Ýewropadakydan tapawutly bolan giň wagonlar ünsüňi özüne çekýär» diýip ýazýar.

Merkezi Aziýanyň deňiz derwezesi bolan Kaspiniň kenaryndaky Krasnowodskiniň (häzirki Türkmenbaşynyň) üstünden geçýän demir ýol şahasy şol wagtlar diňe bir sebitiň däl, eýsem, dürli ýurtlaryň ykdysadyýetiniň ösmegine hem täsirini ýetiripdir. Demir ýol şahasynyň üsti bilen çit matalar, gant, kerosin, kükürt, demirden bejerilen gap-çanaklar getirilipdir.

Şäheriň ösmegi netijesinde 1890-njy ýylda Aşgabatda ilkinji telefon nokady işläp başlapdyr. 1896-njy ýylda bolsa bu ýerde gimnaziýa we orta okuw mekdepleri, kitaphana, muzeýler hereket edip ugraýar. Okuw mekdepleri, kitaphana we muzeý işi üçin gerek bolan esbaplar demir ýoluň üsti bilen getirilipdir. Aşgabat demir ýoly 140 ýaşy arka atan paýtagtymyzyň şöhratly sahypasydyr.

Käbir goşmaça maglumatlar:

Zakaspiý harby demir ýolunyň gurluşygy 1880-nji ýylyň noýabr aýynda general-leýtenant Mihail Nikolaýewiç Annenkowyň ýolbaşçylygynda başlanýar.

Bu demir ýoly 1881-nji ýylyň sentýabr aýynda Gyzylarbada ýetirilipdir. Uzynlygy 325 wýorst bolan demir ýoluň Gyzylarbat — Kaka böleginiň gurluşygy tamamlanyp, onuň Aşgabat — Kaka bölegi 1886-njy ýylyň 7-nji fewralynda işe girizilýär.

 1886-njy ýylyň iýul aýynda demir ýol eýýäm Mary şäherine ýetirilipdir. Şol ýyl bu ýol Hazar kenaryndaky Mihaýlow aýlagyndan täze gurlan Uzynada portuna çenli (25 wýorst) ýetirildi. Zakaspiý demir ýolunyň iň kyn we çylşyrymly bölegi Garagum çölüniň içinden, suwsuz ýerlerden geçýän, Marydan Çärjewe (häzirki Türkmenabat ş.) 150 wýorstdan ybarat böleginiň gurluşygy boldy. 1886-njy ýylyň 3-nji dekabrynda Çärjew demir ýol bekedi ilkinji demir ýol ulagyny garşylaýar.

Demir ýoly dowam etdirmek üçin 1888-nji ýylyň 6-njy ýanwarynda Amyderýanyň üstünden wagtlaýyn agaç köpri gurlup, işe girizilýär. 1901-nji ýylda Amyderýanyň üstünden agaç köprä derek demir köpri gurulýar. 1888-nji ýylyň 15-nji maýynda demir ýol Uzynadadan Samarkanda çenli ýetirilýär. 1898-nji ýylda Mary bekedinden Ýolötendir Pendi düzlüginiň üsti bilen Guşga (häzirki Serhetabat ş.) çenli demir ýoluň 295 wýorstluk Murgap şahasy çekilýär. Soňra muňa Guşgy demir ýoly ady berlipdir. Şol döwürde-de Hazar deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegi we Uzynada portunyň hatardan çykmagy netijesinde, Zakaspiý demir ýolunyň başlanýan ýeri çuň suwly Gyzylsuw aýlagyna geçirilýär. Şundan soň basym, has dogrusy, 1899-njy ýylda, Krasnowodskiden (häzirki Türkmenbaşy ş.) gaýdýan Zakaspiý demir ýoly Daşkent bilen birikýär. Zakaspiý demir ýolunyň bütin dowamynda demir ýol beketleri, depolar, ussahanalar guruldy. Diňe Türkmenistanyň çäklerinde 50-den gowrak demir ýol bekedi, demir ýol ussahanalary, duralgalar, Gyzylarbatda wagon abatlaýjy zawod, Aşgabatda, Maryda we Çärjewde parowozlary abatlaýan ussahanalar guruldy, telegraf simleri çekildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok