Şan-şöhraty müňýyllyklara uzaýan gadymy hem müdimi türkmen topragy taryhy-medeni ýadygärliklere baý mekan. Keremli topragymyzyň çar künjüne şöhratly taryhymyzyň belent ýaňy siňendir. Gadymy medeniýetiň merkezi bolan ýurdumyzyň çäklerinden tapylan tapyndylar, gadymy şäherler, galalar baý geçmiş mirasymyzdan nyşandyr. Häzirki wagtda taryhy we medeni desgalaryň döwlet hasabynda durýar we olaryň takmynan 80%-ni arheologiýa ýadygärlikleri, galan 20% töweregi arhitektura ýadygärliklerine degişli. Olary goramak meseleleri şu günki gün möhüm meseleleriň biri. Türkmenistan döwletimizde ýerleşýän gadymy Amul, Merw, Nusaý, Dehistan, Abiwerd we Köneürgenç ýaly birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikleri özüniň ajaýyp arhitektura aýratynlyklary bilen gadymyýetiň şaýadydyr. Bu taryhy ýadygärliklerimiziň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly wakadyr.
Taryhyň dürli döwürlerinde Antiohiýa, Margiana, Marguş ýaly atlar bilen atlandyrylan Gadymy Merw 1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyndan orun aldy. 2007-nji ýylda Gadymy Nusaý galalar toplumy bu sanawa girizildi. 2500-den gowrak resminamalary we gymmatly maglumatlary, dünýäniň dürli künjeginden tapylan ritonlaryň arasynda öz görnüşiniň kämilligi we çeper bezegi boýunça deňi-taýy bolmadyk Nusaý ritonlary tapylan bu medeni ojak özüniň arhitektura aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Häzirki döwre çenli saklanyp galmagy başaran Nejmeddin Kubra, Pirýaz Weli, Soltan Aly, Törebeg Hanym we Kutlug Temiriň minarasy ýaly birnäçe galalary özünde jemleýän Köneürgenç ýadygärlikler toplumy 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Arhitektura aýratynlyklary bilen şöhratlanan bu ýadygärlikler häzirki wagtda düýpli öwrenilýär. Ata Watanymyzyň şöhratly taryhy beýik açyşlaryň entek doly ýazylmadyk kitabydyr. Häzirki wagtda asyrlara ýaň salan gadymy türkmen topragymyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä ýüzünde meşhur. Şeýle taryhy ýadygärliklerimiz, milli mirasymyz biz ýaş nesiller üçin gymmatly genji-hazynadyr.
Hadidjahan MATÝAKUBOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.
Teswirler