Talyp türgenimiz kümüş medala mynasyp boldy!

2023-nji ýylyň 31-nji ýanwaryndan 4-nji fewral aralygynda ýurdumyzda geçirilen «Karatedo boýunça Türkmenistanyň 2022-nji Ýylyň kubogy» atly Türkmenistanyň çempionatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň I ýyl talyby Ýusup Garajaýew kümüş medala mynasyp boldy.

Ýusup Garajaýew – diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem dünýä çempionatlarynyň hem çempiony bolupdy. Onuň bu gezek hem  çempion bolmagyna garaşylýardy. Ýöne talyp türgenimiz sähelçe säwlik bilen bu gezek ikinji orna düşdi.

Ýaryşda Ýusup birinji oýunda «Edermen» sport klubynyň türgeni Ataýew Röwşeni 11-2, ikinji oýunda Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Annamuhammedow Muhammetnury 9-1 utuk bilen öňe geçip, ýeňiş gazandy. Emma jemleýji oýunda bolsa, Ýusup Garajaýew Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň türgeni Garlyýew Süleýmandan sähelçe utuk yza galyp, ikinji orny eýeledi.

Belläp geçsek, 2022-nji ýylyň 3-4-nji sentýabry aralygynda Germaniýanyň Berlin şäherinde  17-nji gezek geçirilýän «Banzaý Cup» atly halkara ýaryşy geçirilip, oňa 31 döwletden 1200-den gowrak türgen gatnaşdy. Olardan sportuň karate görnüşiniň ussady Ýusup Garajaýew 1-nji orna mynasyp bolup, altyn medal gazandy. Häzirki wagtda hem Ýusup Garajaýew sportuň karate görnüşli ýaryşlaryna gatnaşmagy dowam etdirýär.

Agakuwwat ALLABERDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok