Basketbol oýny barada

Basketbol oýny – 1891-nji ýylda oýlanyp tapylan sportuň deňeşdirerlikli täze görnüşi bolupdyr. «Basketbol» sözi iňlis dilinde «basket» – sebet, «ball» – top diýmegi aňladypdyr. Häzirki wagtda  bolsa bu oýun Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sportuň iň meşhur görnüşleriniň birine öwrüldi. Basketbol oýny – 1891-nji ýylyň dekabrynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Massaçusets ştatynyň Springfild şäherindäki türgenleşik mekdebiniň mugallymy Kanadaly Jeýms Neýsmit tarapyndan döredilýär.

Gimnastiki toparda 18 adamyň bolandygy sebäpli Neýsmit olary 9 adamdan ybarat bolan 2 topary düzýär. Oýunçy sanynyň köplügi meýdançada artykmaçlyk äheňini döredýändigi üçin oýunçy sany ilki 7-ä, soňra bolsa 5 oýunça çenli azaldylýar. 1891-nji ýylda Neýsmit täze oýnuň düzgünlerini döredipdir we basketbol boýunça ilkinji bäsleşigi geçiripdir. Ilkinji ýaryşlar geçirilenden soňra bu düzgünlere üýtgeşmeler girizilýär. Onuň üýtgedilmeginiň sebäpleriniň biri-de 1895-nji ýylda galkanlaryň girizilmegidir, olara sebetler berkidilipdir. Galkanlar sebetleriň özboluşly goraglary bolup durýar. Basketbolyň soňraky ösüşleri oýnuň düzgüniniň, enjamlarynyň, abzallarynyň hem-de oýunçylaryň eşikleriniň üýtgemegine getiripdir.  1893-nji ýylda ilkinji gezek torly demir halka peýda bolupdyr. Oýnuň ýaýbaňlanmagy bilen bir wagtda onuň taktikasynyň we tehnikasynyň kemala gelşi hem dowam edipdir. Topy gapmak, geçirmek, alyp barmak we topy halka atmak ýaly tehniki emeller ýüze çykypdyr. Emma tehnikada depginlik bolmandyr. Top geçirmeleri we zyňyşlar iki elde duran ýeriňde ýerine ýetirilipdir.  Taktikada bolsa toparlaryň agzalarynyň oýundaky wezipeleriniň kesgitlenilişi we olaryň hüjümçilere we goragçylara bölünişi bolup geçýär. Hut şol ýyllarda-da basketbol ýuwaş-ýuwaşdan Ýewropa we Günorta Amerika döwletlerine hem giňden ýaýrap başlaýar.

1919-njy ýylda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Italiýanyň we Fransiýanyň harby gullukçy toparlarynyň arasynda ilkinji Halkara basketbol ýaryşy geçirilýär. 1932-nji ýylyň 18-nji iýunynda Halkara basketbol federasiýasynyň döredilmegi bu oýnuň taryhynda uly şanly waka bolýar. Ol gysgaça «FIBA» diýip atlandyrylýar. 8 döwletiň – Argentinanyň, Gresiýanyň, Italiýanyň, Latwiýanyň, Portugaliýanyň, Rumyniýanyň, Şweýsariýanyň hem-de öňki Çehoslowakiýanyň milli basketbol federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagy bilen ilkinji Halkara maslahaty geçirilýär. Halkara basketbol federasiýasyny döretmeklige we ýeke täk düzgünnamanyň kabul edilmegine hem ses berýärler.

Didar BEKMIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok