Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2023-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda çykaran kararyna laýyklykda, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny şu ýylyň 26-njy martynda geçirmek bellenildi. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň 16-njy ýanwarda geçirilen mejlisinde bolsa saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.
Saýlaw möwsümi saýlaw okruglaryny we uçastoklaryny döretmek, milli synçylary bellemek we bellige almak, saýlawçylaryň sanawyny düzmek, dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak, wagyz işlerini geçirmek, saýlaw uçastoklaryny enjamlaşdyrmak, ses bermegi geçirmek, onuň netijelerini jemlemek, saýlawlaryň jemlerini yglan etmek, saýlanan deputatlary we agzalary bellige almak ýaly köp sanly çäreleri öz içine alýar. Bu meýilnamalaýyn çäreler raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň ulgamyny düzýän kanunçylyk, hukuk, ykdysady, guramaçylyk, habar kepilliklerini demokratik şertlerde üpjün edýär. 26-njy martda geçiriljek saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek işlerine Türkmenistanyň Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalary hem-de ýurdumyzyň raýatlar toparlary gatnaşarlar. Ýurdumyzda saýlawlary mundan beýläk-de kanuna, halkara ölçeglere laýyklykda, aýanlykda we demokratik ýörelgeler, bäsdeşlik esasynda guramaçylykly geçirmek saýlaw toparlarynyň öňünde durýan wajyp wezipedir. Saýlaw toparlarynyň agzalary möwsümde raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde, hereket edýän kanunçylyk düzgünleriniň berjaý edilmeginde jogapkärli işleri alyp barýarlar. Saýlaw toparlary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Saýlaw kodeksi, saýlawlary geçirmegi düzgünleşdirýän gollanmalar, ýatlamalar, düzgünnamalar we saýlaw resminamalary bilen üpjün ediler. Saýlawlar boýunça welaýat, etrap, şäher, okrug, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik we uçastok saýlaw toparlarynyň başlyklary, agzalary, milli synçylar, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen welaýatlarda, Aşgabat şäherinde tapgyrlaýyn amaly okuw maslahatlaryny geçirmek meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 38-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlarda dalaşgärleriň hödürlenmegi, bellige alynmagy, bäsleşmegi, saýlanmagy üçin ýurduň, welaýatyň, etrabyň, etrap hukukly şäheriň we etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň çägi saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglaryna bölünýär. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça saýlaw okruglarynyň jemi 7276-synda, şol sanda Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary boýunça 125-sinde, welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 240-synda, etrap, etrap hukukly şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 980-sinde we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça 5931-sinde dalaşgärler bäsleşerler.
Saýlaw kodeksiniň 44-nji maddasyna laýyklykda, saýlawlar boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwaryndan başlandy. Saýlaw kodeksiniň 39-40-njy maddalaryna laýyklykda, saýlawlarda ses bermegi geçirmek we onuň netijelerini jemlemek üçin şäheriň, şäherçäniň, obanyň çägi saýlaw uçastoklaryna bölünýär. Saýlaw uçastoklary ýigrimiden iki müňe çenli saýlawçy sany bilen döredilýär.
Bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, saýlaw möwsüminiň öňüsyrasynda okrug saýlaw toparlarynyň we etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň täzeden döredilendigi barada-da aýtmak gerek. Has takygy, Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Şeýlelikde, ýurdumyz boýunça okrug saýlaw toparlarynyň jemi 125-si, etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň jemi 572-si döredildi. Okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň jemi sany 1375-e deň bolup, şolaryň 382-si Türkmenistanyň Demokratik partiýasy, 37-si Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, 174-si Agrar partiýa, 313-si Kärdeşler arkalaşyklary, 135-si Zenanlar birleşigi, 235-si Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we 99-sy raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenildi. Okrug saýlaw toparlarynyň agzalarynyň 41,75 göterimi zenanlardyr.
Okrug we etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň düzüminde dürli ýaşdaky we bilim derejesindäki hem-de ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda zähmet çekýän agzalar bardyr. Toparlaryň düzüminde zenanlaryň sanynyň ýokary görkezijilerde bolmagy saýlaw ulgamynda gender deňliginiň üpjün edilýändigini görkezýär. Bu toparlaryň düzüminde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hödürlän agzalarynyň hem bolmagy «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen ýylyň mazmunynyň saýlaw ulgamynda-da öz beýanyny tapýandygyny äşgär edýär.
Şeýlelikde, welaýatlarda, Aşgabat şäherinde, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň jemi 49-synda we etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň jemi 572-sinde geçiriljek wekilçilikli edaralaryň saýlawlary ýurdumyzyň ösüşinde we kanunçylyk binýadynyň has-da kämilleşdirilmeginde, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy boýunça kesgitlenen ulgamlaýyn wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Teswirler