Raýatlaryň we edara-kärhanalaryň dykgatyna!

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy, sizi 2023-nji ýyl üçin şu aşakdaky ätiýaçlandyryşyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyň zerurdygyny ýatladýar.

1. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplarynyň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy;

2. Hökmany döwlet ekologiýa ätiýaçlandyrmasy;

3. Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy;

4. Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan, 2023-nji ýylyň 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyly üçin baglaşylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna, Bagtyýarlyk we Büzmeýin etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hemişe siziň hyzmatyňyzda!

Habarlaşmak üçin biziň salgylarymyz:

Aşgabat şäheriniň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy — 48-47-08.

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy — 34-99-82.

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap döwlet ätiýaçlandyryş guramasy — 33-07-27.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok