«Hyýaldan hakykata» atly döredijilik sergisi geçirildi

Türkmenistanyn Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi we Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginde «Hyýaldan hakykata» atly döredijilik sergisi geçirildi. Bu sergi «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň häzirki zaman sungat eserlerinden düzülen sergi bolup  ençeme sungat söýjülerinin ünsüni özüne çekýär.

Bu sergide ýurdumyzyň 170-den gowrak suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat ussatlary gatnaşyp olaryň 370-den gowrak öz döreden eserlerini görkezişe çykardy.

Olardan Gunça Kömekowanyň  “Täze dörän söygi” , Oguljennet Mollayewanyň “Wagt”, Berdi Çaryýewiň “Maksadyňa etmegin sylary”, Çarymyrat Yazmyradowyň “Öwüşgünler”, Azat Annaýew we Berdi Hajyýewiň “Irki güz”, Meret Gylyjow “Gyzykly kitap”, Bahar Bakyýewanyň “Söýgi mukamy”, Mähri Garahanowa nyň “Gyz”, Azat Tuwakowyň “Damja” , Nurana Bazarowanyň “Yaz”, Orazgylyç Öwezowiň “Jülge”, Selbi Nurlyýewiň, “Gor küýze”, zergär Altynjemal Rejepnurowanyň “Goçaklar”, Muhammet Koşayewiň “Mähirli guşlar” atly eserleri bilen sergimize has-da öwüşgün berdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok