30 müňden gowrak okuwçy olimpiadanyň ilkinji tapgyryna ýazyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýurdumyzyň orta mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oguz hanyň zehinli nesilleri” ady bilen geçirilýän olimpiadasyna isleg diýseň ýokary boldy. Guramaçylyk topary tarapyndan alnyp barylýan hasabata görä tutuş ýurt boýunça bu olimpiadanyň I tapgyryna gatnaşmaga isleg bildirip, hasaba alnan mekdep okuwçylarynyň sany 30 müňe golaýlady. Bu bolsa mekdep ýaşlarynyň döwlet derejesinde geçirilýän olimpiada gyzyklanmasynyň garaşylandan has-da köp bolandygyny görkezýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri hem hasaba alnan okuwçylaryň arasynda iňlis dili, tebigy we takyk ugurly dersler boýunça döwlet we halkara ders bäsleşiklerinde, şeýle-de taslama bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylaryň sanynyň ýokary bolmagy, “Oguz hanyň zehinli nesilleri” olimpiadasynyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Olaryň käbirleri barada aýdyp geçsek, Fiso 2022, Stemco 2022, WICE Malaysia ýaly abraýly olimpiadalarda altyn, kümüş we bürünç medallara eýe bolan mekdep okuwçylarynyň gatnaşýanlygydyr.

Häzirki wagtda bu olimpiadany guramaçylykly geçirmek we adalatly baha bermek boýunça döredilen topar tarapyndan taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Uniwersitetiň öz internet sahypasy bolan https://etut.edu.tm salgysynda olimpiada baradaky maglumatlar, onuň düzgünnamasy, zehin soragy we onuň çözüliş usullary ýerleşdirildi. Ýurdumyzyň taryhynda köpçülikleýin görnüşde ilkinji gezek geçirilýän şeýle häsiýetdäki olimpiada dalaşgärleriň sanynyň örän ýokary bolmagy onuň gyzgalaňly we çekeleşikli boljakdygyny, zehinlileriň arasyndan has ökdelerini ýüze çykarmaga mümkinçiligiň dörejekdigini görkezýär.

Teswirler

Lachyn

1nji tapgyryň neticeleri haçan taýyn bolarka sabyrsyzlyk bilen garasyas