Türkmenistan Owganystana elektrik toguny ýeňillikli bahalardan bermegini dowam eder!

Golaýda, Aşgabatda «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasy we Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» (DABS) milli elektrik kompaniýasy 2023-nji ýylda türkmen elektrik energiýasynyň üpjünçiligi baradaky şertnamanyň möhletini uzaldýan ylalaşyga gol çekdiler. Ylalaşyga «Türkmenenergo»-nyň başlygy we DABS-nyň baş müdiri gol çekdi.

Belläp geçsek, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurda ýeňillikli bahalar bilen berilýär, bu bolsa demirgazyk welaýatlarynyň, günbatar we demirgazyk-günbatar sebitleriň hemmesini, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap welaýatlaryny, şeýle hem Mazar-y-Şerif, Şybyrgan we beýlekileri öz içine alýar.

2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Karary bilen, Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň «Da Afghanistan Breshna Sherkat» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok