Şanly şygara buýsanjyň beýany

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» türkmeniň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak senelere baý ýyllaryň biri boljakdygyny gündelik durmuşymyzdaky taryhy wakalar, toýdur baýramlarymyz subut edýär.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kararyna laýyklykda 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy biziň her birimize ruhuňy galkyndyryjy täsirini ýetirýär. Her bir gelýän ýylyň maksatnamalaýyn atlandyrylyşynyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerini täze derejelere galdyrýandygyny geçen ýyllaryň tejribesi hem aýdyň görkezýär. Ýylymyzyň adynda Arkadag Serdarly ýaşlarymyzyň döwletimiziň we jemgyýetimiziň özara sazlaşykly ösüşinde paýynyň uludygyna, şu günümiziň hem-de geljegimiziň olar bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsüňi çekýän hikmet bar.

Ýurdumyzda ýaş nesiller baradaky giň gerimli aladalar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegi ugrundaky tagallalar jemgyýetiň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny pugtalandyryp, döwrümiziň belent ruhy joşguny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy milli ýörelgelerimiz esasynda terbiýelenýän ýaşlara bildirilýän uly ynamyň nyşanydyr.

Eziz Watanymyzyň berkararlygyny, gülläp ösüşini pugtalandyrmaga, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny, abadançylygyny üpjün etmäge, dünýä ýüzündäki at-abraýyny belende galdyrmaga goşýan mynasyp goşandy nurana ertirlerimize şan, rowaçlanýan gadamlarymyza bat bersin! Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Äsälhan KARIMOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok