Bagtyýar ýaşlar – Watan buýsanjy

Arkadagly Serdarymyzyň we Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýyllar ýyllardan, aýlar aýlardan zyýada, her günümiz bolsa il-günüň ýadynda galýan ajaýyp pursatlara beslenýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda başy başlanan her bir döwletli iş halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda, ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmakda täze ädim bolup taryha ýazylýar. Ine, halkymyz tarapyndan biragyzdan goldanylyp, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilen 2023-nji ýyl hem uly üstünlikler bilen başlandy.

Täzeden-täze başlangyçlaryň binýady goýuljak şu ýylyň şeýle atlandyrylmagynda uly many-mazmun bar. Sebäbi Gahryman Arkadagymyzyň örän ýerlikli belleýşi ýaly, ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz mynasyp ornuny tapýar. Ýaşlarymyzy ylym-bilime höweslendirmek, halallyk, ahlaklylyk, agzybirlik, ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan ähli özgertmeleriň özenini düzýär.

Arkadagly Serdarymyz döwlet Baştutany wezipesine girişen ilkinji günlerinden ýaş nesliň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly işleri durmuşa geçirýär. Ýetilen belent sepgitler bilen taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen giren 2022-nji ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi-de ýaşlar hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugrudygyny görkezdi.

Goý, ata Watanymyzy ösüş-özgertmeler ýoly bilen röwşen geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri barha rowaçlyklara beslensin!

Döwletgeldi ABDYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok