“Watan goragçylary gününiň” öňüsyrasynda Türkmenistanyň Içeri işleri edaralarynyň işgärleri üçin uly baýramçylyk sowgady ýetirildi. Çoganly ýaşaýyş toplumynda kottežleriň ýene bir tapgyry açylyp ulanylmaga berildi.
Carşenbe güni Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynynyň Çoganly ýaşaýyş toplumyndaky Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynda gurlup ulanylmaga berilýän kottež görnüşli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi.
Açylyş dabarasyna hormatly il ýaşulylary, içeri işler edaralarynyň weteranlary, ministrligiň we polisiýasynyň gullukçylary gatnaşdy.
Dürli pudaklaryň aýdym-saz we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dabarasy konsert geçirildi hem-de medeni görkezme çykyşary ýerine ýetirildi. Myhmanlara toý saçaklary ýazyldy.
Şeýle-de harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň we miweleriň, şeýle hem öndürilýän azyk önümleriniň sergisi gurnaldy.
Il ýaşulylary bu ýerdäki kottež jaýlaryny aýlanyp gördüler we täze ýaşaýjylary bilen gürrňdeş boldular. Täze jaýlaryň şertleri bilen tanyş boldular.
Teswirler