«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar»

Türkmenistan Watanymyzda ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda zähmet gaýnap joşýar. Şolarda zähmet çekýän raýatlaryň aglaba böleginiň ýaşlar bolmagy bizi buýsandyrýar. Şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ýaşlaryň gujur-gaýratyna, ukybyna uly ynam bildirilýändigini beýan edýär.

Täze taryhy döwürde ýaşlar öz zehinleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşant goşýarlar. Olaryň iň döwrebap tehnologiýalara erk etmekleri, dünýä dillerini bilmekleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň üçin hem olaryň ukyp-başarnyklary sanly ulgamy ösdürmekde hem, işleri döwrebap alyp barmakda hem aýratyn ähmiýetlidir.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän 2023-nji ýylda ylym-bilimi ösdürmäge, kämil hünärmenleri kemala getirmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky tagallalar, olaryň kämil hem-de watansöýüji bolmaklary üçin durmuşa geçirilýän işler barha rowaçlanýar. Esasan hem ýaşlara uly ynam bildirilýär, olaryň kämil dünýägaraýyşlaryna ýokary baha berilýär. Şonuň üçin hem ýaşlar ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup ýetişýärler.

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşlar dünýä dillerini, şeýle hem iň ösen tehnologiýalary oňat özleşdirýärler. Munuň özi sanly ykdysadyýetiň ösýän döwründe wajyp bolup durýar. Şonuň üçin hem ýaşlaryň başarnyklary, hünärmen bolup ýetişmegi milli ykdysadyýetimiziň ösüşine goşant goşmaklaryna ýardam edýär. Sanly ulgama, esasan hem sanly tehnologiýalara oňat düşünýän ýaşlar telekeçilikde, ylymda, bilimde uly üstünliklere eýe bolýarlar.

Zibagül ÇARLYÝEWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok