Ýylymyzyň şygary – ýolumyzyň şamçyragy

2023-nji — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna» uly arzuwlar, belent maksatlar bilen gadam uran halkymyzyň mizemez ynamyna, çäksiz hormat-sylagyna eýe bolan Gahryman Arkadagymyzyň paýhasyndan, hormatly döwlet Baştutanymyzyň döredijiligiň, ýaşlygyň gujur-gaýratyndan gözbaş alýan milli ösüş syýasatynyň ajaýyp netijelerine her pursatda şaýat bolýanlygymyz döwrüň hakykatydyr. Bu hakykaty dünýä ykrar edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni toýdur baýramlara beslenýär. Ýurdumyz — ösüşleriň, özgerişleriň mekany. Şeýle ösüşi türkmen halkyna peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri bu günki günde has-da rowaçlanýar. Täze döwürde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işler halkymyzda Watana bolan söýgini berkidýär, işlemäge, beýik ösüşlere goşant goşmaga ruhlandyrýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi milli bilim we terbiýeçilik ulgamynda täze ösüşleriň çelgisi boldy. Kanunda ýaşlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy geljegine umyt baglanýan ýaş nesilleriň ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi.

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren beýik işlerini, parasatly başlangyçlaryny ajaýyp zamanamyzda üstünlikli dowam etdirýän, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli ägirt uly işleri hem diňe rowaçlyklara beslensin!

Akmyrat ROZYÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok