Türkmenistanda Eý­ranyň Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ geçiriler

Şu ýy­lyň 12 — 14-nji few­ra­ly ara­ly­gyn­da Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­ geçiriler. Bu çärä häzirden taý­ýar­lyk işleri dowam edýär.

Ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän dö­re­di­ji­lik çä­re­si­ne gat­naş­mak üçin dost­luk­ly ýur­duň me­de­ni­ýet iş­gär­le­ri­niň we sun­gat us­sat­la­ry­nyň we­ki­li­ýe­ti Aş­ga­ba­da ge­ler. Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň çäk­le­rin­de kon­sert, do­gan­lyk hal­kyň ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­ri­niň ser­gi­si, iki ýur­duň su­rat­keş­le­ri­niň us­sat­lyk sa­pak­la­ry we du­şu­şyk­la­ry, eý­ran ki­no­film­le­ri­niň gör­ke­zi­li­şi bo­lar.

Myh­man­lar üçin paý­tag­ty­my­zyň mu­zeý­le­ri­ne we gö­zel kün­jek­le­ri­ne ge­ze­lenç­ler gu­ra­lar.
Mälim bolşy ýaly, söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bi­len bir ha­tar­da, me­de­ni gat­na­şyk­la­ryň gi­ňel­dil­me­gi­niň döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Me­de­ni­ýet gün­le­ri­niň dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk däp­le­ri­ne esas­lan­ýan hem-de iki ýur­duň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne la­ýyk gel­ýän iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam berer.

Aýjeren MYRADOWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok