Buýsançly kalplaryň joşguny

Bagtyýar hem agzybir türkmen hal­ky­myz uly ruhubelentlik bilen Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ýe­ne bir üstünlikli ýy­ly­na ga­dam bas­dy. «Arkadag Serdarly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diý­lip yg­lan edi­len bu ýyl hem eziz Wa­ta­ny­my­zyň ta­ry­hy­na al­tyn harp­lar bi­len ýazylar. Ýurdumyzda her ýy­ly döw­re­bap at­lan­dyr­mak indi asyl­ly dä­be öwrülip, 2023-nji ýy­la «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýip at­ berilmegi äh­li halk ta­ra­pyn­dan giň­den gol­da­nyl­dy. Çünki ýaş­lar bi­ziň şu gü­nü­miz, gel­je­gi­miz­ bolmak bilen, eziz Wa­ta­ny­my­zyň mundan beýläk hem gül­läp ös­me­gin­de ýaş­lara uly ynam bildirilýär. Mäh­ri­ban Wa­ta­ny­my­zyň äh­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ni art­dyr­mak­da, şol sanda bilim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek bilen ýaş nes­li my­na­syp derejede ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bilen bagly möhüm we­zi­pe­ler öň­de go­ýul­ýar. Gel­jek­ki ne­sil ha­kyn­da ala­da bolsa er­tir­ki gü­ne iň bir yg­ty­bar­ly çözgütdir.

Biri-birinden zyýada bolup gelýän ýyllaryň her biri taryha altyn sene bolup ýazylýar. Geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda halkymyzyň, aýratyn-da, ýaş nesilleriň durmuşyny özgerden taryhy wakalar amala aşyryldy. Ynam adamy özgerdýär. Ynam ynsan gatnaşyklarynyň söýesi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ýaşlara buýsançly nazar bilen bakylmagynyň aňrysynda hem uly many bar.

Gahryman Arkadagymyzyň döwletli işlerini Arkadagly Serdarymyzyň dowam etdirmeginde, adalatly, parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyz durmuşyň ähli ugurlarynda — syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki pudaklarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär, täze sepgitlere tarap batly gadamlar bilen öňe barýar.

Ýaşlar — biziň bagtyýar geljegimiz we ertirimiz. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň özleri barada edýän aladalaryna ýaş nesliň hoşallygynyň çägi ýokdur.

Muhammet ANNAGELDIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok