Arkadag şäheri – ak bagtyň şäheri

2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly ýurdumyzda bolup geçen ýatdan çykmajak wakalary bilen taryha girdi. Şol buýsançly wakalaryň biri-de Ahal welaýatynyň täze, edara ediş merkezine Arkadag şäheri diýen adyň dakylmagy boldy. Gahryman Arkadagymyzyň yhlasy, hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallasy bilen gurulýan bu döwrebap şäher geçmişde ata-babalarymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, türkmen topragynyň gözel künjeklerinde guran meşhur şäherleriniň, galalarynyň şöhratly taryhynyň dowamyny aňladýan ajaýyp «akylly» şäher bolup, ol berkarar döwletiň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär.

Köpetdagyň eteginde gurlan, uly ýoldan hem seleňläp görünýän bu täze şäher watandaşlarymyzyň gözüniň alnynda, 3-4 ýylyň içinde ajaýyp görnüşde dikeldi. Bu ýerden uly ýoly külterläp geçýän awtoulaglardaky adamlaryň çalt depginde gurulýan şäheri höwes hem buýsanç bilen synlaýandyklaryny görmek ençeme gezek miýesser edipdi. Adamlar Arkadag şäheriniň bina bolmagyna şaýat bolup, bitirilýän bu beýik işi ruhlary we kalplary bilen goldadylar.

Arkadag şäherinde milli we häzirki zaman binagärliginiň ösen tejribeleriniň utgaşdyrylyp, önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň «akylly şäher» konsepsiýasy esasynda alnyp barylmagy hormatly Prezidentimiziň: «Biz beýik işlerimizi Watanymyza bolan söýgimiz bilen amala aşyrýarys» diýen sözleriniň ýerine düşýändigine şaýatlyk edýär.

Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşatmagyň, ata Watanymyzyň at-abraýyny belende galdyrmagyň hatyrasyna şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Begenç MUHAMMETGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok