Ýaşlar — ýurduň daýanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň okap, zamanabap bilim almaklary, hünär eýesi bolup, Garaşsyz döwletimiziň ösüşlerine goşant goşmaklary üçin ähli şertler we mümkinçilikler döredilýär. Bu işler ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagy babatda tagallalar bilen utgaşykly amala aşyrylýar.

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Garaşsyz döwletimiz, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýaşlar babatda edilýän yzygiderli aladalaryň has hem dünýä ýaýyljakdygyny, ýaşlarymyzyň abadan durmuşda ýaşap, hemişelik Bitarap döwletimiziň mundan beýläkki ösüşlerine mynasyp goşant goşjakdyklaryny görkezýär.

Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň parasatly syýasaty we Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary netijesinde Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň geljegi, onuň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň daýanjy bolan ýaşlara uly üns berilýär. Ýaş nesil baradaky alada Watanymyzyň ertirki güni baradaky aladadyr. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary bu alada mynasyp jogap bermäge çalşyp, eziz Diýarymyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyna saldamly goşant goşýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgeden ugur alýan syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň yglan eden strategik ugrunda mynasyp dowam edýär. Bu strategik ugruň esasy maksady döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşyndaky «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen çuň manyly sözlerinde öz aýdyň beýanyny tapdy.

Goý, bizi baky bagtyýarlyga ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary elmydama aman bolsun!

Saglyk RAHMANOW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok