Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda dabaraly konsert geçirildi. Konserte Arkadagly Serdarymyz hormatly tomaşaçy hökmünde gatnaşdy.
Dabaraly konserte gatnaşyjylar hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we onuň Başlygy wezipesine hormatly Arkadagymyzyň bellenilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen halkynyň Milli Lideri» diýlip, kanuny esasda ykrar edilmegi bilen tüýs ýürekden gutladylar. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda taryhy ähmiýetli wakadyr. Tutuş halkymyzyň erk-islegi esasynda kabul edilen bu çözgüdiň Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryna bildirilýän hormatyň aýdyň nyşanydygyny belläp, çykyş edenler ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, öňe sürülýän teklipleriň giňden goldaw tapmagynyň hormatly Arkadagymyzyň asylly işleriniň üstünliklere beslenýändiginiň subutnamasydygyny belledi. Ýurdumyz üçin möhüm ähmiýetli çözgütler halk bilen ara alnyp maslahatlaşylandan soňra kabul edilýär. Munuň özi häkimiýet bilen halkyň, döwlet bilen jemgyýetiň arasyndaky baglanyşygyň yzygiderli pugtalanýandygynyň nobatdaky beýanydyr.
Soňra bu ýerde ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetli waka mynasybetli guralan dabaralar baýramçylyk konserti bilen dowam etdirildi. Sungat ussatlary joşgunly çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny wasp etdiler. Konsertde çykyş edenler öz ussatlyklaryny görkezdiler hem-de tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldular. Döwrebap tehnologiýalaryň ulanylmagy bolsa dabara aýratyn öwüşgin çaýdy.
Konsert «Dowam bolsun!» atly belent ruha beslenen, joşgunly aýdym bilen jemlendi.
Yklym MYRATGULYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler