Paýtagtymyzyň ýaşaýjylary okamak isleýän rus, türk we iňlis dillerindäki dürli kitaplary 21 günlük tölegsiz almaga mümkinçilik gazandylar. Munuň üçin edilmeli ýönekeý iş bolsa kitaby almak üçin täze gatnaşyjynyň anketasyny doldurmak we kitaphana gelip alyp gitmek bolup durýar. Okyjylar üçin ýekeje çäklendirme bolsa bir gezekde birden köp kitaby alyp bilmeýärler.

Bu taslama «Kitaphana21» diýlip atlandyrylyp, ony «Ak nesil» bilim merkeziniň esaslandyryjysy we onuň direktory 24 ýaşly telekeçi Batyr Rejepow tarapyndan esaslandyryldy we durmuşa geçirildi.
Häzirki wagtda paýtgatymyzyň 200-e golaý ýaşaýjysy bu kitaphanadan netijeli peýdalanýar. Taslama mekdep okuwçylary we talyplar üçin örän peýdalydyr.

Belläp geçsek, okamak isleýän kitabyňy şäher içine eltip bermek hyzmaty hem bar. Bu hyzmat tölegli bolup şäher içine eltip bermek 20 manat bolup durýar.
Salgysy: Aşgabat ş., Oguzhan we Bitaraplyk şaýollarynyň çatrygy «Belent» binasy, 3 gat.
Telefon belgisi: +993 63 89-39-56.
Instagram sahypasy: @kitaphana.21
Teswirler