Türkmenistanda diplomlary ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýyldaky sanawy:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi diplomlary ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň 2023-nji ýyldaky sanawyny çap etdi. Sanawda dünýäniň iň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 1500-den gowragy ýerleşdirilen.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2019-njy ýylyň 29-njy martynda çykaran 80 belgili buýrugy bilen tassyklanan we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde 1212 san bilen döwlet belligine alnan «Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we orta hünär bilimi hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň Tertibini ulanmak boýunça Gözükdirijä» laýyklykda, ministrlik tarapyndan daşary ýurt döwletlerinde okuwyň diňe gündizki görnüşinde okalyp alnan hünär bilimi hakyndaky resminamalar ykrar edilýär.

2023-nji ýyl üçin taýýarlanan we ýurtda diplomlary ykrar edilýän daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň sanawy reýting guramalarynyň («Times Higher Education World University Rankings», «Academic Ranking of World Universities» we «QS World University Rankings») hasabatlaryna esaslanýar.

Sanawy şu ýerden görüp bilersiňiz!

Teswirler

Tazegul

БГМУ Tasyklanyarmy

Serdar

Belarussiyadaky Minsk shaherindaki Med uniwerstited tastyklanyarmy jogap berin haysh

Cynar

Belarusiyanyn Grodna saherindaki Yanki Kupali Uniwersiteti ykrar edilyarmika sanawdamika 2023nji yylda

Cynar

Belarusiyanyn Yanki Kupali Uniwersiteti ykrar edilyarmika sanawdamika 2023nji yylda

Serdar

Kayseri uniwerisiteti okap bolyamyka men prigloseniyam sondan cykdy welin

Jeren

Belarusiyanyñ Grodno śaherindaki Ý-kupale uniwersitet barmy ?

Bagul

КНИТУ-КАИ shu okuw barmy achykmy bu yyl?

Umorbek

Gazagystanyň näçe sany ýokary okuw jaýlary bar bu sanawda

Orazdurdy

Кабардино-Балкарская государственный университет им.Х.М.Бербекова gabat gelmedim tassyk edilýärmikä

Olimjan

Астраханский Государственный университет имени В. Н. Татищева Shu sanawda yokmay bashga sanawda bar shol okuwa gitmek bolyarmy

Aymyart

Salam,Özbekistanyň ýokary okuw mekdepleriniň dimlomlary tassyklanýarmy?