Jemagat hojalygy müdirligi gije-gündizleýin nobatçylygy ýola goýdy!

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda adatdan daşary sowuk howa ýagdaýy dowam edýär. Käbir sebitlerde kadasyndan – 10 – 16 dereje pes bolmagyna garaşylýan sowuk howanyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginiň ortalaryna çenli dowam etjekdigi barada aýdylýar.

Ýollardaky gary aýyrmak, şol bir wagtda ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk, agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň kadaly işleýşine gözegçilik etmek babatda Jemagat hojalygy müdirliginiň işgärleri iki çalşykda, ýagny gündizki we gijeki tertipde müňden gowrak işgärleriň nobatçylygy ýola goýuldy.

Gyş günlerinde garyň ýagmagy bilen baglylykda, häzirki wagtda esasan-da, ýollary ýuwujy, süpüriji, gardan arassalaýjy tehnikalardan bökdençsiz we netijeli peýdalanylýar.

Müdirligiň işgärleri öz wagtynda ýadawsyz we netijeli zähmet çekip, paýtagtyň köçelerinde, köp gatnawly ýollarynda garyň doňup, ulaglaryň-da, pyýadalaryň-da howpsuz hereketini kynlaşdyrýan sürçegiň emele gelmeginiň öňüni alýarlar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok