«Global Times» gazetinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa sapary

Halkara derejede köpçüligiň pikirine täsir edijiligi bilen tapawutlanýan «Global Times» gazetinde «Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaýa saparyndan, şol sanda energetika hyzmatdaşlygy babatda möhüm netijelere garaşylýar» atly syn-seljerme häsiýetli makala çap edildi. Awtoryň pikirine görä, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň bu sapary dünýä energetika bazarynda uly üýtgeşmeleriň bolup geçýän häzirki şertlerinde has möhüm ähmiýete eýedir. Türkmenistan Hytaýa tebigy gazy ibermekde öňdeligi eýeleýän döwletleriň biri bolmak bilen, ýurduň energetika howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tagallalarynda wajyp orny eýeleýär. Türkmenistan Hytaýyň ilkinji transmilli gaz geçirijisi hasaplanýan Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasynda-da esasy ýurt bolup durýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok