Angliýa bir gezek ulanylýan plastik gaplary gadagan edýär!

Angliýanyň daşky gurşaw ministrligi plastik gaplary gadagan etmegiň geljekki nesiller üçin daşky gurşawy goramaga kömek etjekdigini belledi. Kararyň haçan güýje girjekdigi entek belli däl.

Resmi maglumatlar Angliýada her ýyl 1,1 milliard bir gezeklik ulanylýan gap-gaçlardan we 4 milliarddan gowrak plastmassa önümlerinden peýdalanylýandygyny görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, plastiki galyndylar köp ýyllap tebigatda dargamaýar. Häzirki wagtda Şotlandiýa ýaly ýurtlarda plastik gaplary ulanmak dolulygyna gadagandyr.

Belläp geçsek, Kanada 2030-njy ýyla çenli «nol plastik» galyndylara ýetmek üçin plastmassany ulanmagy çäklendirdi. Häzirki wagtda döwrümiziň iň uly howplaryndan biri bolan plastik galyndylara garşy täze çözgütler yzygiderli işlenip düzülýär. Tebigatda dargaýan, gaýtadan işläp bolýan tebigy plastik önümler oýlanylyp tapylýar we ulanyşa girizilýär.

Mundan birnäçe wagt öň, alymlar ilkinji gezek adam ganynda saglyga howp salýan mikroplastikanyň tapylandygyny habar beripdiler.

Didar BEGLIÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok