
Türkmen aýdym-saz sungatynda öçmejek yz galdyran bagşylaryň hatarynda Gulbabanyň ady hemişe hormat bilen ýatlanýar. Ol 1956-njy ýylyň 22-nji aprelinde Mary şäherinde dünýä inýär. Gulbabanyň hakyky ady Möwlamberdi bolup, ol Türkmenistanyň halk artisti, belli bagşy Han Akyýewiň ogludyr.
Mana düşmez çagajygyň dutaryň sesine aglamasyny goýmagy, heniz emedekläp ýörkä, dutar-gyjagyň owazyny eşideninden şol tarapa eňmegi kakasy Türkmenistanyň halk artisti Han Akyýewiň körpejäniň Hakdan berlen zehinini duýmagyna sebäp bolýar. Gulbabanyň durmuşy bilen baglanyşykly wakalar dilden-dile geçip, halk içinde ýaşap ýör.
Gulbabajyk heniz çagalykdan saýlanmadyk hem bolsa, dutardyr gyjagy saýradyp bilýän ekeni. Türkmenistanyň at gazanan artisti Şükür Kulyýew Gulbaba çagalykda gyjak sowgat beripdir. Gulbaba Mary şäheriniň 2-nji orta mekdebinde okapdyr. Ol 1960-njy ýylda kinorežissýor Meret Atahanowyň «Daşgalada bolan waka» atly çeper filminde garry atanyň keşbinde oýnaýan Şükür Kulyýewiň bagşy agtygy bolup çykyş edýär.
Mundan başga-da, 1965-nji ýylda 8-9 ýaşlyja Gulbaba kakasy bilen Moskwada geçirilen Halk hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş edipdir. Onuň yzysüre, ýagny 1966-njy ýylda Aşgabatda Oba çeper höwesjeňleriniň döwlet derejesinde gözden geçirilişi bolupdyr. Gulbaba şonda birnäçe aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetiripdir. Şonda emin agza bolup gatnaşan Sahy Jepbar Gulbabany bagryna basypdyr.
Gysga ömründe ýakymly sesi, saýrak owazy bilen Gulbabanyň sungat älemindäki şan-şöhraty egsilmezdir. Gulbaba Akyýewiň halkymyza miras goýan aýdymlary ýurdumyzyň milli aýdym-saz sungatynyň altyn hazynasyna girdi.
Belläp geçsek, her gezek täze ýylyň başynda okuwda, sportda, aýdym-saz äleminde, ukyp-başarnykda deň-duşlaryndan saýlanan zehinli çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragy gowşurylýar.
Atajan EÝÝUPOW.
Teswirler
Çaga haçan we näme sebäpden aradan çykypdyr, ony ýazmansyňyz. Ýazsaňyz, minnetdar bordum.
G
Gulbaba