Bilşimiz ýaly, futbol dünýäsinde esasy soňky habarlar Messiniň dünýä çempionatyny gazanmagy hem-de Ronalda Ýewropa toparlarynyň täze teklip etmezligi barada bolupdy.
Ýöne Ronaldo bolsa özüniň geljegini Aziýanyň Saud Arabystan çempionatyndaky Al-Nasr topary bilen şertnama baglaşmagy makul bildi. Ýagny Ronaldo Al-Nasr topary bilen 2025-nji ýyla çenli şertnama baglaşyp, dünýäde iň köp hak alýan futboliste (ýylyna 200 million ýewro) öwrüldi.
Bu habar bolsa köp futbol janköýerlerini Messi bilen Ronaldonyň indi duşuşmazlygy hakynda gaty gynandyrdy. Şeýle-de bolsa janköýerlere şatlykly habar gelip gowuşdy. Ýagny, PSG toparynyň ýolbaşçylary özleriniň ýanwar aýyndaky ýoldaşlyk duşuşygyny Saud-Arabystanda geçirjekdigini mälim etdi.
Habar berilmegine görä, PSG toparynyň garşydaşlary Saud Arabystan çempionatynyň Al-Nasr hem-de Al-Hilal toparlaryndan düzülen iň güýçli 11 oýunçy bolar. Bu bolsa futbol janköýerlerine Messi bilen Ronaldonyň ýene-de duşuşmagyna mümkinçiligiň bardygyny görkezýär. Bu oýunyň ýanwar aýynyň ortalaryna bolmagyna garaşylýar.
KAKAGELDI AKMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
Teswirler
Oyun gyzykly bolar garaşyas