TSTP-niň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna S. Owganow gaýtadan saýlanyldy

Paýtagtymyz Aşgabatda 15-nji dekabrda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdaky IV gurultaýy geçirildi. Hususy pudagyň wekillerini, TSTP-niň we TSTB-niň agzalaryny bir ýere jemlän gurultaýyň dowamynda geçen döwürde alnyp barlan işlere seljerme berildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Gurultaýyň işine gatnaşmaga ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.

Çykyşlarda häzirki döwürde ýurdumyzyň senagatçylary we telekeçileri öz öndürýän önümleri, hödürleýän hyzmatlary, ýerine ýetirýän senagat, gurluşyk, oba hojalyk işleri bilen içerki bazarda pugta orun eýeläp, özüni tanadan hususy kärhanalaryň, telekeçileriň, senagatçylaryň hatarynyň barha artýandygy guwanç bilen bellenildi. Hususy işi guramak, giňeltmek, harytlary we hyzmatlary ýerleşdirmek, menejmentiň we mahabat işleriniň öňdebaryjy tejribelerini ynamly özleşdirmek ýaly işlerde önjeýli işleri amala aşyrýan telekeçileriň sanynyň barha artýandygy, şeýlelikde bazar ykdysadyýetiniň türkmen nusgasynyň has-da berkeýändigi çykyşlarda beýan edildi.

Gurultaýa gatnaşyjylar Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň, derňew toparynyň täze düzümini saýladylar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna Saparmyrat Owganow gaýtadan saýlanyldy. Şeýle-de TSTP-niň Tertipnamasyna we maksatnamasyna giriziljek üýtgetmeler Gurultaýa gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan makullanyldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok