Diller — dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir.

Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr.

Da­şa­ry ýurt di­li­ni okat­ma­gyň hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry bi­len ta­nyş, okuw­çy­nyň psi­ho­lo­gi­ýa-pe­da­go­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny bil­ýän, usu­ly taý­dan so­wat­ly mu­gal­lym bu ugur­dan uly üs­tün­lik ga­za­nyp bi­ler. Çün­ki dil öw­ren­me­giň ne­ti­je­li­li­gi ça­ga­nyň ösüş döw­ri bi­len bag­ly­dyr, se­bä­bi ça­ga­nyň ir­ki ösüş döw­rün­de ýat bek­le­ýän söz­le­ri, söz­lem­le­ri onuň ha­ky­da­syn­da ömür­lik gal­ýar. Ça­ga­lyk­dan dil öw­ren­ýän ça­ga­nyň beý­ni­sin­dä­ki «söz­lük go­ry» beý­le­ki deň-duş­la­ry bi­len de­ňeş­di­ri­len­de has ösen­dir. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni psi­ho­log hü­när­men­ler hem tas­syk­la­ýar­lar.

Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni okat­ma­gyň yl­my taý­dan esas­lan­dy­ry­lan en­çe­me usul­la­ry bo­lup, okuw­çy­la­ra iň­lis di­li­ni öw­ret­mek üçin ola­ry giň­den peý­da­lan­ýa­rys. Şol usul­la­ra top­lum­la­ýyn çe­me­le­şip, ola­ryň äh­li­si­ni hem yzy­gi­der­lilik­de peý­da­lan­ma­ga ça­lyş­ýa­rys. Şo­nuň üçin-de, ol ýa-da beý­le­ki usu­la ar­tyk­maç­lyk be­rip, beý­le­ki­le­ri üns­den dü­şür­mek bol­maz. Okuw işi­niň has-da ne­ti­je­li bol­ma­gy­ny ga­zan­mak üçin bir­nä­çe usul­lar­dan ut­ga­şyk­ly peý­da­lan­mak mak­sa­da­la­ýyk­dyr. Şun­da gram­ma­tik-ter­ji­me et­mek usu­ly has-da äh­mi­ýet­li­dir. Da­şa­ry ýurt di­li­niň gram­ma­tik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny has-da çuň­ňur öw­ren­mek üçin, uly synp okuw­çy­la­ry­na iň­lis di­lin­dä­ki tekst­le­ri öz ene di­li­ne ter­ji­me et­me­gi tab­şyr­ýa­rys. Şeý­le ýag­daý­da en­çe­me tä­ze söz­ler öw­re­nil­ýär, di­liň gram­ma­ti­ka­sy, söz­le­riň ýa­zuw ka­da­la­ry öz­leş­di­ril­ýär.

Goý, ata Watanymyz Türkmenistana baky bagty peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Watanymyzy ösüşleriň aýdyň ýollaryndan ynamly öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Tutýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

Ogulkeýik AMANGELDIÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
«Psihologiýa-pedagogiki bilimi»
ugry boýunça magistranty.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok