Ertir, Aşgabatda «Näme? Nirede? Haçan?» sport bäsleşigi boýunça Türkmenistanyň XVIII çempionaty geçiriler

Ertir, ýagny 27-nji noýabrda, «Телекомпания «Игра-ТВ» JÇJ-iň ygtyýarnamasy bilen Aşgabatda «Näme? Nirede? Haçan?» sport bäsleşigi boýunça Türkmenistanyň XVIII çempionaty geçiriler. Bu barada «Orient» habar berýär.

Ýaryşa gatnaşmaga ähli isleg bildirýänler, ýagny toparlar, şeýle hem aýratyn oýunçylar çagyrylýar. Çempionata gatnaşmak tölegsiz! Hasaba alynmak üçin şu ýerini doly we dogry dolduryň!

Çempionata gatnaşmak üçin hiç-hili çäklendirmeler ýok. Toparlaryň resmi hasaba alynmagy gös-göni ýaryş başlamazdan öň, ýagny 27-nji noýabrda sagat 13:00-da geçiriler. Geçirilýän ýeri: Arçabil şaýoly jaý 41 salgysynda ýerleşýän (ABM myhmanhanasy) «ANGAR» restokluby.

Belläp geçsek, çempionat her biri 12 soragly bäş tapgyrdan ybarat bolar. Soraglar dürli çylşyrymlylyk derejelerinde bolup, şol sanda başlangyç toparlar üçin soraglary hem öz içine alýar. Çäräniň hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň Ykdysadyýetçiler birleşigi çykyş edýär.

Çempionat barada has giňişleýin maglumaty chgk.tv saýtyndan tapyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 65) 037296.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok